Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty - 2022: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümi belli boldy

17:4705.09.2019
0
9941

"Türkmenportala" mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Şri-Lanka bilen boljak duşuşykdaky esasy düzümi kesgitlendi.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişe derwezäni "Altyn asyryň" derwezewany Mämmet Orazmuhammedowa ynanmagy makul bildi.

Milli ýygyndymyzyň gorag bölümini bolsa Serdar Annaorazow, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow hem-de Gurbangeldi Batyrow öz egnine aldy.

Ýarym goragda Wezirgeldi Ylýasow, Resul Hojaýew, Arslanmyrat Amanow hem-de Altymyrat Annadurdyýew çykyş eder.

Didar Durdyýew bilen Wahyd Orazsähedow bolsa hüjümde oýnap, garşydaşa pökgi geçirmäge synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň