Soňky habarlar

Arhiw

«H» toparçanyň ilkinji duşuşygynda KHDR Liwany ýeňdi

16:1605.09.2019
2
7329

KHDR-nyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Liwanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Şu gün Phenýandaky Kim Ir Sen adyndaky stadionda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda koreý futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Pökgüleri 7-nji we 56-njy minutlarda Çžon Il geçirdi.

Bu duşuşygyň saýlama tapgyryň «H» toparçasynyň çäginde geçirilendigini ýatladýarys. Bu toparçada biziň milli ýygyndymyz hem ýaryşýar. Şu gün türkmen futbolçylary Kolombo şäherinde Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen ilkinji duşuşygyny geçirer.

Şeýle hem şu gün toparçadaky başga bir garşydaşymyz ― Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy Türkiýäniň Stambul şäherinde gruzin futbolçylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň