Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli çagalaryň "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" bäsleşigine gatnaşyjylara öz Gutlagyny ugratdy.

06:0405.09.2019
1
5554

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle sözler bar:

Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!

Sizi jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de beýik ösüşlere ruhlandyrýan Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň geljekde hem eziz Watanymyz bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çuň many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp beýan etjekdigiňize, egsilmez ruhy baýlygymyz we bahasyna ýetip bolmajak hazynamyz bolan milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da ösdürmek ugrunda yhlasyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize berk ynanýaryn!

Türkmen halky aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýar. Bu sungat Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine we ösmegine öz täsirini ýetiren milli medeniýetimiziň altyn hazynasydyr. Biziň bagşy-sazandalarymyz mahmal owazy we şirin sazlary bilen asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen nusgawy dessanlarymyzdyr gahrymançylykly eposlarymyzy ýerine ýetirip, gözel Diýarymyzy, ajaýyp tebigatymyzy, şan-şöhratly taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, watançylyk, edermenlik, ynsanperwerlik, ygrarlylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak gymmatlyklarymyzy belentden wasp edipdir. «Sözi paýhas bezär, sazy — sungat» diýen nakyla eýeren halkymyz bagşy-sazandalary toý-dabaralarynyň arzyly myhmanlary hökmünde kabul edip, aýdym-saz bäsleşiklerini hem geçiripdir.

Parahatçylygy we ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi ýörelge edinen halkymyz saz gurallarynyň jadyly güýjüne ynanyp, iň süýji arzuw-hyýallaryny aýdym-sazlarynyň üsti bilen beýan edipdir. Zehin bilen paýhasa, söýgi bilen ylhama ýugrulan aýdym-sazlarymyz ynsana sarpa goýmagy ündeýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka beýik buýsanjy artdyryp, nesilleriň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýär.

Aýdym-saz sungatymyzyň ýaş wekilleri bolan siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp eserleriňizde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ösüşleri, güneşli Diýarymyza beýik buýsanç belentden ýaňlanýar. Siziň watansöýüjiligi we ynsanperwerligi dabaralandyrýan aýdym-sazlaryňyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly barýan Watanymyz, zähmetsöýer halkymyz, gözel tebigatymyz joşgunly wasp edilýär. Bagtyýar döwrümiziň waspy bolup ýaňlanýan siziň hoş owaz bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz kalbymyza buýsanç, egsilmez şatlykdyr joşgun paýlaýar.

Bagtyýarlyk zamanamyzyň saýrak bilbilleri!

Siziň ajaýyp aýdym-sazlaryňyz berkararlygymyzyň we bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Jadyly owazlaryňyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy wasp edýän, ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan özboluşly sungatdyr. Ähli ösüşlerimiziň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy täze belentliklere çykarmakda siziň şirin aýdymlaryňyzyň, joşgunly sazlaryňyzyň ähmiýeti örän uludyr. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimizde sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, tebigy zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigine örän möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan bagtly çagalygyň, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Bagtyýar nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, döwrebap bilim almagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin biz ähli şertleri döredýäris. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda çagalar baglaryny, orta mekdepleri, ýörite sungat hem-de çagalar sungat mekdeplerini gurýarys. Şeýle hem medeniýet ojaklarynyň — kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet we sungat ugurly bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirýäris.

Biz geljekde hem bagtyýar çagalarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, medeniýet, sungat hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amala aşyrýan özgertmelerimizi üstünlikli dowam ederis.

Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!

Sizi zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, berkarar Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň