Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen paýtagtynda «Koreý hepdeligine» badalga berildi

23:5804.09.2019
1
23696

«Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý hepdeliginiň» açylyş dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.

Bu çäräni geçirmek üçin Aşgabada Koreýanyň milli sport uniwersitetiniň, şeýle hem Gazagystan Respublikasyndan Koreý medeni merkeziniň alym-bilermenlerinden, wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet geldi.

Bu çäräniň açylyş dabarasynda parahatçylygy hem-de dostlugy, iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda we özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde medeni alyşmalaryň, ruhy gymmatlyklaryň we döredijilik mirasynyň derwaýyslygy bellenildi. Çärä gatnaşyjylar iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna türkmen we koreý halklarynyň gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri guramak mümkinçiligi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňra gadymy hanbok koreý milli lybaslarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Dürli hanboklar, şol sanda gündelik we toýlara geýilýän lybaslar görkezildi. Bu çäre köp sanly tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ýeri gelende aýtsak, «Koreý hepdeliginiň» çäklerinde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde bu ýere gelenlere amaly-haşam sungatynyň çeperçilik nusgalaryny diňe synlamaga däl-de, eýsem, milli koreý lybaslaryny geýip görmäge we olar bilen surata düşmäge mümkinçilik döredildi.

«Beýik pursat» (2008) kinofilmine tomaşa etmegiň barşynda tomaşaçylar koreý kinolarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu filmde 2004-nji ýylda Afinyda geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň jemleýji gandbol oýny hakynda gürrüň berilýär. Şonda Koreýa Respublikasynyň zenanlar ýygyndy topary çekeleşikli oýunda ikinji orny eýeleýär.

Sport — türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen ugurlarynyň biri. Söweş sungatlary uly meşhurlyga eýe bolup, olaryň hatarynda koreý milli göreşi — taekwondo aýratyn orun eýeleýär. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 5-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçiriljek görkezme çykyşlarynyň barşynda oňa baha berip bilerler.

Hepdeligiň jemleýji güni — 6-njy sentýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan okuw maslahaty guralar.

Medeni çäräniň maksatnamasy koreý aşhanasynyň milli tagamlary bilen tanyşdyryş çäresini hem öz içine alýar. Tagamlaryň sergisi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň