Arslanmyrat Amanow: «Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge çalşarys»

23:4204.09.2019
0
9169

Şu gün Kolombo şäherinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Şri-Lanka bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty boldy. Onda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow žurnalistleriň sowallaryna jogap berip şeýle diýdi: 

«Ilkinji nobatda myhmansöýerlik üçin Şri-Lankanyň ilatyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Ikinji aýtjak zadym, ýygyndydaky özgerişlik barada. Biziň milli ýygyndymyz täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda täze görkezmeler, täze taktikalar bilen oýnaýar. Ertirki duşuşyk üçin hem baş tälimçimiz öňümizde uly wezipeleri goýdy. Olary duşuşykda amala aşyrmaga çalşarys. Elbetde, düzümde Ruslan Mingazow, Ahmet Ataýew ýaly tejribeli futbolçylaryň bolmazlygyny ýitgi hasaplar bolar, ýöne bizde ezber ýaş futbolçylar bilen tejribeli oýunçylaryň hem ençemesi bar. Şonuň üçin hem ertirki duşuşykda bizde şikes, tejribe ýetmezçiligi barada hiç hili mesele bolmaz».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň