Nebit meýdançalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän zawod 8 aýda 5 million manada golaý girdeji gazandy

17:0504.09.2019
0
1185

Balkan welaýatyndaky bejergi-mehaniki zawody meýilnama laýyklykda şu ýylyň ilkinji sekiz aýynyň dowamynda aýlyk 600 müň manat girdeji gazandy. Bu barada nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.

Uly depginler bilen ösýän bu döwrebap kärhana “Türkmennebit” döwlet kärhanasynyň öňdebaryjy bölümleriniň biridir. Zawodyň iş alyp barýan ugry nebit meýdançasynyň enjamlary üçin ýokary hilli ätiýaç şaýlaryny öndürmek bolup durýar.

Öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütler, enjamlaryň bejergileriniň özüne düşýän gymmatyny azaltmak hem-de ätiýaç şaýlaryny zawodda taýýarlamak kärhananyň arassa girdejisini artdyrmagyna itergi berýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň