Soňky habarlar

Arhiw

Şenbe güni Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk çäresi geçiriler

16:0904.09.2019
0
1624

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu sebite gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy.

Wise-premýer häzirki döwürde welaýatda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» gol çeken taryhy Karary esasynda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň ilatynyň şenbe güni toý-dabaralara beslenjek giň möçberli çäräni geçirmegi meýilleşdirendigi habar berildi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ýaşaýjylary üçin möhüm ähmiýeti bolan bu çözgüt şol ýerde täze giň möçberli özgertmelere badalga berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, bu işler ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda geçiriljek medeni çäreler bilen utgaşdyrylar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda badalga berilýän asylly işlere halkymyzyň buýsanjynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň