Arhiw

“JOHN DEERE” kysymly kombaýnlaryň täze tapgyry

00:2004.09.2019
0
1231

“JOHN DEERE” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň täze tapgyry ýurdumyza getirildi. “Watan” habarlar gepleşiginiň (03.09.2019) habar bermegine görä, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasynyň täze tehniklary öňki bar bolanlaryň üstüni ýetirer. Pagta ýygymynyň öňüsyrasynda gelip gowşan kombaýnlar möwsümi gysga wagtda, ýokary derejede tamamlamaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň sebitlerinde täze tehniklaryň gelip gowuşmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary, ýangyn howsuzlygyna garşy göreşmek bilen bagly okuw sapaklary guraldy.
Pagta ýygyjy täze kombaýnlar häzirki wagtda etraplardaky Tehniki hyzmat ediş merkezlerinde ýerleşdirilip, olar bosagadaky pagta ýygym möwüminde iş dolanyşygyna giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň