Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5503.09.2019
0
9151

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleri ýerlerde geçirilýän işler, oba hojalyk pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar, güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem welaýatlaryň ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek, gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada habar berildi.

Häkimler sebitlerde täze okuw ýylynyň dabaraly ýagdaýda başlanandygyny belläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere we wakalara görülýän taýýarlyk işleri, olary guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen maksatnama barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, olar barada degişli tabşyryklary berdi. Maslahata ýurduň sebitlerine gözegçilik edýän käbir wise-premýerler hem çagyryldy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowy çagyryldy.

Döwlet Baştutanyna wise-premýer güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişmek boýunça görlen taýýarlyk işleri, pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagyna görlen hemmetaraplaýyn taýýarlyk, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow bolsa ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, güýzlük bugdaý ekiljek meýdanlaryň öz wagtynda suwarylmagy bilen baglanyşykly taýýarlanan iş maksatnamasy barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň