Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşygy üçin Şri-Lankanyň Kolombo şäherine geldi

22:1003.09.2019
0
6092

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşygyny geçirmek üçin Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherine geldi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýygyndy toparymyzyň düzüminde futbolçylaryň 23-siniň Şri-Lanka gelendigini ýatladýarys. Ýygyndy toparymyz Kolombo şäheriniň “Mövenpick” myhmanhanasynda düşledi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyryny myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirjek duşuşygy bilen başlar. Bu duşuşyk 5-nji sentýabrda “Reýskors” stadionynda geçiriler. Saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygy Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň