Soňky habarlar

Arhiw

Baýramalyda dogulan Jamaleddin Hojanyýazow Azerbeýjanyň «Sumgait» toparyna geçdi

20:0603.09.2019
0
7067

Azerbaýjanyň «Sumgaýyt» toparynyň täze transferi Jamaleddin Hojanyýazow Azerbaýjanyň milli ýygyndysynda oýnamak isleýär ― diýip, «Report.az» neşiri ýazýar. Neşir bu maglumaty klubyň prezidenti Riad Rafiýewiň aýdanlaryna salgylanyp getirýär.

Prezidentiň aýtmagyna görä, muny Azerbaýjanyň Futbol federasiýasyndan Russiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň wekiliniň özi haýyş edipdir. Futbolçylarynyň karýerasyny dowam etdirmek üçin «Sumgaýyty» saýlap almagynyň aňrysynda hem şu sebäp bar.

Türkmenistanda, has takygy, Baýramalyda doglan futbolçy mundan ozal Russiýada «Zenit», «Amkar», «Dinamo», «Baltika» we «Ural» toparlarynda hem-de Norwegiýanyň «Orhusynda» çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň