Soňky habarlar

Arhiw

7-8-nji sentýabrda Mary şäherinde sowuk suwa basyşly barlanma geçiriler

18:0603.09.2019
0
656

«Maryşäherýylylyk» müdirligi «Maru-Şahu jahan» gazetiniň üsti bilen şäheriň ýaşaýjylaryna şu ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Mary şäheri boýunça sowuk suwa basyşly barlanmanyň geçiriljekdigini habar berdi. Ýylylyk ulgamlarynda suw syzmalary ýüze çyksa, müdirligiň dispetçer gullugyna habar bermek haýyş edilýär. Munuň üçin gazetde  6-90-21 belgili telefon görkezilipdir.

Şeýe hem müdirlik öýüň içinde ýüze çykyp biljek suw syzmalaryň hem öňüni almak üçin şäherdäki öý müdirlikleriniň telefon belgilerini beripdir. Habarda hem ýazylyşy ýaly, suw syzmalary ýüze çykanda, şäheriň ýaşaýjylary şu belgilere jaň edip bilerler:

1-nji öý müdirligi, tel: 6-04-37.

2-nji öý müdirligi, tel: 7-27-69, 7-49-89.

3-nji öý müdirligi, tel: 7-73-62.

4-nji öý müdirligi, tel: 7-78-97.

5-nji öý müdirligi, tel: 6-60-66.

6-njy öý müdirligi, tel: 4-12-99,4-02-83.

7-nji öý müdirligi, tel: 4-11-57.

8-nji öý müdirligi, tel: 5-47-43, 5-45-88.

9-njy öý müdirligi, tel: 4-82-69,4-86-03.

Şeýle hem habarda öý müdirlikleriniň işleýän dispetçer gullugynyň belgisi hem görkezilipdir: 7-68-70.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň