Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankanyň üç futbolçysy Türkmenistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyga gatnaşyp bilmez

17:4703.09.2019
0
4267

Şri-Lankanyň futbol ýygyndysynyň esasy düzümindäki 3 futbolçysy 5-nji sentýabrda Türkmenistan bilen boljak duşuşyga gatnaşyp bilmez diýip, «The Papare» neşiri habar berýär.

Olar merkezi goragçylar Udaýa Kerti, Jude Suman we derwezeçi Rişad Mohammad Rasikdir. Futbolçylaryň üçüsiniň hem milli ýygyndynyň duşuşyklaryny goýbermeginiň sebäbi şikesdir.

«Bu futbolçylaryň bolmazlygy Şri-Lankanyň ýygyndysy üçin uly ýitgi» diýip, «The Papare» neşiri ýazýar.

Şri-Lanka ― Türkmenistan duşuşygynyň 5-nji sentýabrda Kolombo şäherindäki «Reýskors» stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başlanar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň