Türkmenistanda 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 12 müň 242 ýaş raýat talyplyga kabul edildi

02:1103.09.2019
0
4903

 Täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilenleriň sany geçen ýylka garanyňda, 3 müň 392 talyp köpdür. Şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine tölegli esasda ýaşlaryň 8 müň 54-si kabul edildi. Şonuň ýaly-da, täze ugurlaryň 33-si açyldy.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan islegleri nazara alnyp, orta hünär okuw mekdeplerinde-de hünärleriň sany artdyryldy. Şeýle hem okuwçylary kabul etmegiň möçberi-de köpeldildi. Şunlukda, şu ýyl Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň 42-sine, ministrlikleriň, kärhanalaryň sargytlaryna laýyklykda, 9 müň 63 okuwçy kabul edildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ilkinji gezek talyplar kabul edildi. Täze döredilen institutda 7 ugur, 19 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine täze girizilen hünärleriň hatarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde amaly matematika we informatika, öýjük we molekulýar biologiýa, genetika we bioinžiniring, himiki inžiniring, sanly ykdysadyýet, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, mobil we tor inžiniringi, animasiýa we grafika dizaýny, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen dili we edebiýaty, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda psihiologiýa ylymlary, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda sanly ykdysadyýet, Türkmen döwlet maliýe institutynda ykdysady informatika, maliýe menejmenti ýaly täze ugurlar boýunça talyplar bilim alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň