Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgeni taekwonodynyň ITF görnüşi boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

00:2203.09.2019
0
10041

Türkmen türgeni Annamyrat Goşanýazow Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde ýakynda tamamlanan taekwondo (ITF görnüşi) boýunça XXI dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen taekwondoçysy «hususy tuli» ugrunda çykyş edip, Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndan we Gresiýadan bolan bäsdeşlerinden asgyn gelip, üçünji orny eýeledi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň taekwondo boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe «Meşhur tälimçi» diýen nyşanyň berilmegi biziň türgenlerimiziň bu çempionatda eýe bolan ýene-de bir üstünligidir. Bu çözgüt Halkara taekwondo federasiýasynyň (ITF) XXVII kongresinde kabul edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň