Soňky habarlar

Arhiw

3 – 5-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň hepdeligi geçiriler

23:0702.09.2019
0
13946

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy bilen bilelikde geçirilýän bu çäre 3 – 5-nji sentýabr aralygynda geçiriler.
Tassyklanan resmi meýilnama laýyklykda, hepdeligiň çäklerinde “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde milli koreý lybaslarynyň, bezeg serişdeleriniň “Aşgabat” kinoteatrynda bolsa koreý filmleriniň görkezilişi bolar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda milli sport boýunça çykyşlar tomaşaçylara ýetiriler. Şeýle-de, 6-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara bagyşlanan akademiki hünär okuw sapagy geçiriler.  Şol gün “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde milli koreý tagamlarynyň tanyşdyrylyş çäresi guralar. 
Koreý hepdeligini ýurdumyzyda yzygiderli geçirilmegi iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary putalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň