Soňky habarlar

Arhiw

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde sporty mahabatlandyrýan şowhunly dabara geçirildi

13:3702.09.2019
0
4924

Ýakynda Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde tälimçileriň, türgenleriň hem-de paýtagtyň ýaşaýjylarynyň uly toplumynyň gatnamagynda aýdym-sazly sport dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzdaky iň iri söwda we dynç alyş merkezleriniň biri bolan «Berkarar» ajaýyp döwrümiziň gönüden-göni miwesidir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýakynda ýerleşýän merkeze ýurdumyzda geçirilýän iri sport baýramçylyklarynyň köp sanly myhmanlary gelip gördüler. Hatda merkez Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilen günlerinde gije-gündiziň dowamynda işledi. Futbol boýunça geçen ýyl Russiýada geçirilen dünýä çempionatynyň kubogy hem türkmenistanly janköýerlere, hut, şu merkezde görkezildi. Onuň bölümlerinde sport dükanlarynyň we türgenleşik zallarynyň hem bardygyny aýtmak gerek.

Tomsuň iň soňky agşamynda geçirilen dabara «Berkararyň» sporty wagyz etmäge goşýan goşandynyň ýene bir görkezijisine öwrüldi. Oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýüzlerçesi ýygnandy.

Dabaranyň dowamynda sportuň sambo, sport tansy, tennis, çeper gimnastika, kýokşikaý karate we kikboksing görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary gurnaldy. Şeýle hem tälimçilerdir ezber türgenler dabara ýygnananlaryň isleg bildirenlerine sportuň bu görnüşleri boýunça käbir emellerdir tilsimleri hem öwretdiler. Sport sowalnamasy hem gyzykly boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa işjeň gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň