«Ýüpek» önümçilik birleşiginiň taryhy

12:5602.09.2019
0
1110

Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginiň özboluşly taryhy bar. Ol ýene 10-12 ýyldan özüniň ýüz ýaşyny ýa-da «asyr toýuny» toýlar. Kärhana ilki diňe ýüpek egirýän önümçilik hökmünde işe girizilipdir. Şol wagt ýüpek egriji enjamlaryň 90-sy diňe bir çalşykda işleýän eken. Kärhana özüniň ilkinji önümçilik ýylynda çig ýüpegiň 15,1 tonnasyny öndüripdir. Kärhananyň aglaba işçisi gyz-gelinler eken. Çärýek asyrdan soň kärhana hasda kuwwatlanýar. Bu ýerde egirme-dokma, we boýag önümçiligi ýola goýulýar hem-de bu önümçilikleriň desgalary gurnalýar. 1967-nji ýylda bolsa kärhanada ilkinji ýüplükden «Saryja» görnüşli matanyň bir million inedördül metri öndürilipdir. Kärhananyň öndürijiligini artdyrmak maksady bilen täze-täze desgalar, enjamlar yzygiderli gurnalypdyr. Häzirki wagtda Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik kärhanasynda egirme, dokma, pile kelepleýji we reňk-bezeg önümçilikleri bölümleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň