“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti sergä gatnaşdy

12:4602.09.2019
0
2943

Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän “Euro shoes” atly aýakgap sergisinde Türkmenistana wekilçilik eden “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti öz “M.B shoes” aýakgap önümleri bilen gatnaşdy.

Bu sergä dünýäniň ençeme döwletlerinden 110 kompaniýa 250 harytnyşanlaryny hödürlediler. 10 ýyl bäri yzygiderli, ýylda 2 gezek geçirilýän bu halkara çäräniň ähmiýeti uly. Serginiň dowamynda daşary ýurtly telekeçiler we bilermenler bilen işjeň tejribe alyşmak hem-de türkmen önümlerini satyn almak barada ençeme netijeli duşuşyklar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň