Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň Himiýa zadowyndaky täze ulgamda önümleriň ýylda 170 müň tonnasy öndüriler

17:5301.09.2019
0
2484

30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli düzümlerde daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan azot, fosfor we kaliý dökünleri çykarylýar.

Şeýle hem toplumlaýyn mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Onuň düzüminde birnäçe serişdeler bolar. Şu maksat bilen, degişli senagat desgasynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi we ýeňiji kesgitlenildi. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň binýadynda guruljak we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek täze ulgamyň kuwwaty ýylda 170 müň tonna önüme barabar bolar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň pudaklaýyn düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek, önümleriň täze görnüşlerini, şol sanda oba hojalygy üçin zerur bolan we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Azot, fosfor, kaliý we beýleki düzümleri özünde jemleýän toplumlaýyn mineral dökünleriň önümçiliginiň ykdysady taýdan bähbitlidigini nazara alanyňda, onuň ýerli çig maly netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellemek ýerliklidir. Bu döküniň obasenagat toplumynda dünýä tejribesinde köp ulanylýandygy üçin onuň milli himiýa senagatynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly geljegi bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hödürlenen taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň