Soňky habarlar

Arhiw

Bankomatlary we töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär

17:2101.09.2019
0
2276

Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi ykdysadyýetimiz üçin uly ähmiýete eýedir. Bularyň esasylaryny şeýle görkezmek bolar:

—ýurdumyzda pullary ýasamak, gaplamak, daşamak we saklamak üçin çykdajylaryň tygşytlanmagy;

—pul serişdeleriniň dolanyşygynyň çaltlanmagy;

—pul dolanyşygynyň gözegçiligini ýokarlandyrmak;

—hasaplaşyklary geçirmek üçin wagtyň tygşytlanmagy;

—pul geçirimleriniň ýeňilleşdirilmegi;

—bir wagtyň dowamynda birnäçe tölegleriň geçirilmegi;

—karz amallaryny ýerine ýetirmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegi. Kesgitlenen ugurlaryň biri hem hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmekden we hilini ýokarlandyrmakdan, töleg ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda birnäçe işler amala aşyrylýar, ýagny töleg ulgamyny kämilleşdirmekde ösen ýurtlarda giňden ulanylýan hasaplaşygy nagt däl görnüşleri ornaşdyrylýar, nagt däl hasaplaşyk ulgamyny ösdürmek barada alnyp barylýan işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bank kartlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl tölegiň gerimini giňeltmek we bank kartlary arkaly hyzmatlary kämilleşdirmek, bank kartyny saklaýjylaryň müşderi binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň

depgini ýokarlandyrylýar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ösüşine we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem-de ykdysady sowatlylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Nagt däl hyzmatlaryň ähmiýeti örän uludyr, ýagny tölegleri çalt we howpsyz amala aşyryp bolýar, pul serişdeleriniň dolanyşygy çaltlanýar.

Bank kartlary bilen geçirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak üçin bankomatlaryň we töleg terminallarynyň ulanylyşynyň giňeldilmegi boýunça häzirki wagtda köp ilatly, gelim-gidimli ýerlerde töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri depginli dowam etdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň