Ertir Türkmenistanda täze okuw ýylyna badalga berler

16:5501.09.2019
0
1808

Ertir - 2-nji sentýabrda Türkmenistanda täze okuw ýyly başlanar.  
Täze okuw ýylynda 12 müň 242 talyp ýokary okuw mekdepleriň birinji ýyl talyby bolar, munuň özi geçen ýyldakydan 3 müň 392 talyp köpdür. Şol sanda 8 müň 54 talyp tölegli esasda okar. 
Şu ýyl ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek 153 müň 885 çaga gadam basar. 
Şu okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde jemi 33 täze hünär ugry boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylyp başlanylýar. 
Şu ýyl orta hünär mekdepleriniň 42-sine ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda, 9 müň okuwçy okuwa kabul ediler. 
Täze okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 115 görnüşi neşir edildi. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň