Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler

16:3901.09.2019
0
5471

28 - 29-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň dzýudo boýunça çempionaty geçiriler. Bu ýaryş Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu aýdaky rejenamasyna goşuldy. Onuň Aşgabat şäherinde geçirilmegine garaşylýar.
Geçiriljek milli birinjiligiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlanyp alnar hem-de ýeňiji bolan türgenlere indiki halkara ýaryşlarda ýurdumyza wekilçilik etmek ynanylar.
Olimpiýa görnüşlerine girýän dzýudo sportunyň ösdürilişine Türkmenistanda uly üns berilýär. Diňe şu ýylyň özünde hem türkmen dzýudoçylary halkara Gran-Pri ýaryşlarynyň ençemesine we beýleki iri ýaryşlara gatnaşdylar. Olar şol ýaryşlarda utugyny artdyryp, Olimpiýa oýunlary - 2020-ä gatnaşamaga hukuk gazanmagy meýilleşdirýärler. Paýtagtda geçiriljek täze çempionat bolsa sportuň bu görnüşi boýunça täze zehinleri ýüze çykarmakda ýardam berer.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň