Serdar Azmun Gonkong bilen boljak duşuşyk üçin Eýranyň futbol ýygyndysyna çagyryldy

15:5001.09.2019
0
4331

Russiýanyň «Zenit» futbol klubynyň türkmen hüjümçisi Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň hataryna çagyryldy diýip, «Zenidiň» metbugat gullugy habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, Eýranyň ýygyndysy 10-njy sentýabrda myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk arkaly Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna badalga berer. Şeýle hem Eýran Yrak, Bahreýn we Kamboja bilen bir toparçada ýaryşýar.

Henize çenli milli ýygyndy bilen 46 duşuşyga çykan Serdar Azmun şolarda 28 gezek tapawutlandy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň