Soňky habarlar

Arhiw

Welotrek boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler

15:2301.09.2019
0
4840

Türkmenistanda 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Guramaçylyk işleri bilen bagly taýýarlyklar bilen bir hatarda türkmen türgenleriniň kämilligini artdyrmak boýunça hem birnäçe işler alnyp barylýar.
Ýakynda hem habar berşimiz ýaly, Aşgabada welotrek boýunça ýörite türgenleşik enjamy getirildi. Ol awtomatik ýagdaýda türgeniň hereketine doly gözegçilik eder we onuň türgenleşiginiň netijelerini kesgitläp berer.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli 20 - 24-nji sentýabr aralygynda Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionaty bu taýýarlyk işleriniň bir tapgyryna öwrüler. Çempionatyň ýaryşlaryna 20-nji sentýabr güni ir sagat 10-da başlamak meýilleşdirilýär.
Ýaryşyň netijeleri Türkmenistanyň milli ýygyndysyny düzmäge hem mümkinçilik berer. Milli birinjilige paýtagtdan we ýurdumyzyň sebitlerinden köp sanly türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň