Soňky habarlar

Arhiw

«Dutaryň owazy» ― Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň säze sahna eseri

14:5101.09.2019
0
8184

Türkmenistanyň Baş drama teatry täze möwsümi «Dutaryň owazy» atly täzä sahna eseri bilen açdy. Watanperwerlik, dostluk, doganlyk, sungatyň güýji ýaly temalary öz içine alýan eser öz gözbaşyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserinden we Nurymyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinden alýar.

Aýdym-sazly dramanyň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow bilen Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow  ýazdy. Şükür bagşy we onuň dutaryň güýji bilen agasyny bendilikden halas edişi baradaky meşhur wakany gürrüň berýän sahna eserinde çeperçilik bezeglerini Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Maksat Amangylyjow, saz bezegini Kerwen Aýdogdyýew bilen Guwanç Mämmetnazarow, yşyklandyryş işlerini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir. Baş keşpleri Batyr Çaryýew, Resul Baýryýew we Baýramdurdy Rahymow dagylar ýerine ýetirýär.
Eserden taýýarlanan fotoreportažy şu ýerde synlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň