Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy kuweýtli futzalçylar bilen deňme-deň oýnady

10:5501.09.2019
0
6512

Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde El-Kuweýt şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Kuweýtiň ýygyndysy bilen ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Esasy üns hüjümde jemlenen bu duşuşyk 4:4 hasabynda tamamlandy. Ýygyndy toparymyzyň gollaryny Serdar Rejepow, Mülkaman Annagulyýew (2) hem-de Watan Ataýew dagy geçirdiler - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu ýygyndylaryň arasynda geçen birinji ýoldaşlyk duşuşygynyň Kuweýtiň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy (1:0) ýatladýarys.

Horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiçiň tälimçiligindäki ýygyndy toparymyzyň daşary döwletdäki birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 27-nji iýun – 10-njy iýul aralygynda Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde geçirilendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde 20-25-nji sentýabr aralygynda Horwatiýada geçiriljek “Dostluk” kubogynda çykyş etmegi meýilleşdirýär. Biziň milli ýygyndymyzdan başga bu bäsleşikde Belgiýanyň, Norwegiýanyň, Saud Arabystanynyň hem-de Çernogoriýanyň milli ýygyndylarynyň çykyş etmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişlikde ýygyndy toparymyz “B” toparçada Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. Merkezi Aziýa sebitiniň çägindäki beýleki toparçada – “A” toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň hemme duşuşygy Eýranyň Urmiýa şäheriniň “Gadir Hall” sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň