Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

23:5731.08.2019
0
3735

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda bolan mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 23 — 24-nji sentýabrda geçiriljek ägirt uly gözden geçiriliş Söwda senagat edarasynyň binasynda guralar. Şol ýerde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, häkimlikleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 70-den gowrak sergi diwarlyklary gurnalar.

Sergide senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, energetikada, ulag hem-de aragatnaşykda, söwda we hyzmatlarda, maliýe hem-de bank ulgamlarynda we beýleki ugurlarynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler giňden görkeziler.

Durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda, ýurdumyzyň sebitlerinde, Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berýän diwarlyklarda beýan ediler. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini görkezer. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň