Arhiw

Türkmenistanda bugdaý ekişi 4-nji, pagta ýygymy 11-nji sentýabrda başlar

23:3231.08.2019
0
5629

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurtda bugdaý ekişi möwsüminiň gysga wagtyň içinde, ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, bu möwsümde geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji sentýabryndan başlap, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berýändigini aýdyp, asylly däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçy babadaýhanlar!” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy hem-de belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

Şu ýyl edermen pagtaçylarymyzyň ösdürilip ýetişdirilen, milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn diýip, milletiň Lideri aýtdy. Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 18-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly ýaşulularyň pagta ýygymyny “Bismilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin, ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz hormatly pagtaçylara harmanyňyza bereket diýip ýüzlendi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň