Soňky habarlar

Arhiw

Türkemnistanyň Döwlet muzeýinde “Bilim – kämillik, rowaçlyk we abadançylyk“ atly sergi açyldy

21:4431.08.2019
0
4884

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Bilim – kämillik, rowaçlyk we abadançylyk“ atly sergi gurnady. 
Serginiň dowamynda türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri, täze okuw kitaplary öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş neslini suratlandyrýan fotosuratlar ýerleşdirilip, ol suratlaryň üsti bilen häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişlikler açylyp görkezilýär. Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berilýär. Serginiň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň wekillerine hem orun berilip, şol döwürde ulanylan okuw esbaplary görkezilýär. Taryhy fotosuratlar sergide görkezilip, şol fotosuratlaryň üsti bilen ilkinji alnan bilimler barada düşünje alyp bolýar. Sergide hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” atly kitabynyň we synp tagtasynyň haly geçirilen nusgasy görnükli orun eýeleýär. Şeýle-de serginiň bütin dowamynda sowgatlyk eserleri yzygiderlikde ýerleşdirilip, serginiň ähmiýetini artdyrýar.  
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň