Soňky habarlar

Arhiw

Bu enjam ýer titremesi bolmanka güýçli ses edipdir

13:1431.08.2019
0
2405

Ýer titremesini anyklaýan ilkinji enjamy 132-nji ýylda Hytaýda älem giňişligini öwreniji Çjan Hen döredipdir. Örän ýönekeý enjam ýurduň imperatory üçin niýetlenilipdir. Enjam ýer titremesi bolmanka, güýçli ses edipdir. Onuň kömegi bilen ýer titremäniň bolan ýeriniň aralygyny hem anyklapdyrlar. Ol 600 kilometre çenli uzaklykda bolup geçen ýer titremesini görkezipdir. Ýer titremesini has takyk anyklaýan kämil enjamlar geçen asyryň ahyrlaryna peýda boldy. Olar ýeriň astynda ýa-da üstünde sähel üýtgeşiklik bolsa, dessine hasaba alýarlar we onuň güýjüni anyklaýarlar. Alymlar ýer titremesiniň boljagyny öňünden duýdurýan enjamlary döredip, olary has kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. Bu bolsa geljekde adamlary howply ýagdaýlardan goramaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň