Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen girişmek wajyp»

23:5330.08.2019
1
11277

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygyna alty gün galanda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Dubaý şäherine bardy. «Gulf Court Hotels» myhmanhanasynda ýerleşen milli ýygyndymyz bu ýerde 5-nji sentýabrda Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde boljak ilkinji duşuşygyna taýýarlyk görer. Milli ýygyndymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine uçmagynyň öňüsyrasynda «Türkmenportalyň» habarçysy baş tälimçi, 52 ýaşly horwatiýaly hünärmen Ante Mişe bilen söhbetdeş boldy.

― Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň başlanmagyna juda az wagt galdy. Ilkinji duşuşygyň öňüsyrasynda nähilidir bir tolgunmany başdan geçirýärsiňizmi? Milli ýygyndymyzyň ilkinji synaga taýýarlygy nädereje?

― Biz taýýar. Oýunçylarymyz bilen ilkinji garşydaşymyzyň ― Şri-Lankanyň ýygyndysynyň oýun usullary kemsiz öwrendik diýip hasaplaýaryn. Elbetde, dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna üstünlikli girişmek isleýäris.

― Garşydaşlarymyz FIFA-nyň sanawynyň 200-nji basgançagynda. Ýöne bu ýagdaý olaryň güýjüne kembaha seredilmegini aňlatmaýarmyka diýýäris.

― Örän dogry. Garşydaşlarymyzyň FIFA-da eýeleýän ornuna garamazdan, biz olara çäksiz uly hormat goýýarys. Geçen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygy ýadyňyzdadyr (2015-nji ýylda geçirilen Guam ― Türkmenistan duşuşygy göz öňünde tutulýar. Şol duşuşykda türkmen futbolçylary ýer eýelerinden 0:1 hasabynda ýeňlipdiler). Şol duşuşyk garşydaşyň güýji babatynda ýeterlik sapak boldy. Biziň üçin hem, toparymyz üçin hem ýaryşa üç utuk gazanyp başlamak juda wajyp. Ilkinji ýeňiş indiki menzillerimize hem öz täsirini ýetirer.

― Diýmek, Şri-Lanka bilen boljak duşuşykda maksadyňyz ýeňiş-dä!

― Hawa. Biz toparymyzy diňe ýeňiş gazanmak maksady bilen taýýarlaýarys. Ol biziň üçin juda möhüm.

― Milli ýygyndynyň oýunçylarynyň 8-si dagy «Altyn asyryň» düzüminde çykyş edýär. Topar bolsa AFK-nyň kubogynda Wýetnamyň «Hanoýyndan» asgyn geldi. Bu ýagdaý milli ýygyndynyň goragynda endişe döredenokmy?

― Men goragymyz ygtybarly diýip pikir edýärin. Bir toparyň goragy bilen milli ýygyndynyň goragynyň arasynda uly tapawut bar. Onsoň hem milli ýygyndydaky goragçylaryň ählisi «Altyn asyryň» oýunçylary däl. Olaryň arasynda «Ahaldan», «Aşgabatdan» alnan futbolçylar hem bar. Onsoň hem AFK-nyň kubogy bilen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry, eýýäm, başga-başga ýaryşlar. Oýunçylar bu duşuşyklara başga aýry-aýry tälimçiler bilen çykýarlar. Her tälimçiniň bolsa öz oýun pelsepesi bar. Men düýbünden başgaça oýnuň boljakdygyna ynanýaryn. Şol sebäpli hem hiç zatdan endişe edemok.

― Öňdäki duşuşykda nähilräk düzümde çykylar. Häzir kesgitli bir zat aýdyp bolarmy?

― Ýok, duşuşykda meýdana goýberiljek düzüm barada gürrüň ederden heniz biraz ir. Dubaýda bäş günlük türgenleşiklerimiz bar. Şolaryň netijesinde oýunçylaryň ýagdaýyna ýene bir nazar aýlarys. Käbir futbolçylarymyz bolsa duşuşyga eýýämden taýýar. Ol häzirden hem görünýär.

― Ruslan Mingazow, Ahmet Ataýew ýaly daşary ýurtlarda futbol oýnap, has kämilleşen oýunçylarymyz şikes sebäpli öňdäki duşuşyklara gatnaşyp bilmez. Olar Ugandanyň ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda hem oýnamandylar. Milli ýygyndyda olaryň tejribesi ýetmezçilik edermi?

― Bizde ýeterlik derejede tejribeli futbolçylar bar. Elbetde, men Mingazow bilen Ataýewe gynanýaryn, olary indiki duşuşyklarda peýdalanys. Bu gezek bolsa elimizdäki futbolçylar bilen üstünlik gazanmaga çalşarys.

― Oktýabr aýynda türkmen futbolçylarynyň Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigi habar berildi. Bu çözgüt garşydaşyň horwatiýaly tälimçisi Romeo Ýozak bilen ikiçäk gelen netijäňizmi ýa-da kuweýtli futbol hünärmenleri bilen ylalaşyk esasynda gazanyldymy?

― Hawa, Kuweýtiň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hem Horwatiýadan. Üstesine-de, ol meniň gowy dostum. Saýlama duşuşyklaryň dördünji tapgyrynda Türkmenistanyň hem, Kuweýtiň hem milli ýygyndylary duşuşyk geçirmez. Şonuň üçin biziň özara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek baradaky teklibimize ol garşy bolup durmady. Bu barada Türkmenistanyň we Kuweýtiň Futbol federasiýalarynyň arasynda hem ylalaşyga gelindi. Köne dostumyň tälim berýän ýygyndysy bilen duşuşmak meniň üçin hem ýakymly bolar. Bu duşuşyk resmi ýagdaýda FIFA-nyň rejenamasyna hem girizildi.

 

― Ýoldaşlyk duşuşygyndaky esasy maksat näme? Täze oýunçylary hem gözden geçirmegi meýilleşdirýärsiňizmi?

― Heniz Kuweýt bilen boljak duşuşyk barada pikirlenemok. Häzir ähli ünsümiz 5-nji sentýabrda Şri-Lanka bilen boljak duşuşyga gönükdirildi. Çünki, ýene bir gezek aýdýaryn, häzirki wagtda biziň üçin iň esasy zerurlyk ddünýä çempionatyna sary ilkinji ädimimizi ýeňiş bilen ätmek.

― Nesip bolsa! Biz hem size we milli ýygyndymyza üstünlik arzuw edýäris!

― Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň