Soňky habarlar

Arhiw

Lebabyň baş ymamy Türkmenistanyň müfitisi wezipesine bellenildi

23:4830.08.2019
0
8359

30-njy awgustda Türkmenistanyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine garaldy. Bu ugurda wezipeleriň ýerlerini üýtgetmek ýörelgesine eýerilip, Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Lebap welaýatynyň baş ymamy Ý.Hojagulyýew geçirildi. Şunlukda, Lebap welaýatynyň baş ymamy wezipesine Ahal welaýatynyň baş ymamy W.Işangulyýew geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň baş ymamy wezipesine Gökdepe etrabynyň baş ymamy T.Jemşidow geçirildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň