Soňky habarlar

Arhiw

Iň halanýan awtoulag reňkleri

17:5030.08.2019
0
1625

“Seat” awtoulag kompaniýasy hem-de “Axalta Coaintg Systems” atly reňk serişdeleriniň öndürýän şereket awtoulag reňkleri barada barlag geçirdi. Barlagyň netijelerine görä, ak reňk öňe saýlandy. Maglumatlara görä dünýädäki ulaglaryň 39 göterimini ak maşynlar emele getirýär. Bu ugurda öňe saýlanýan Hytaýda her on ulagdan altysynyň akdygy mälim edildi. Ýewropada we ABŞ-da ak reňkli awtoulaglaryň sany 25 göterime barabar. Ikinji ýerde bolsa, gara reňkli awtoulaglar bar. Iň köp gara reňkli maşynyň Ýaponiýadadygy mälim edildi. Ýurtdaky ulaglaryň 22 göterimini gara reňkli ulaglar emele getirýär. Alžir we Gollandiýa bolsa bu sanawda üçünji ýeri eýeleýär. Üçünji ýeri çal reňkli ulaglar düzýär. Dünýädäki ulaglaryň 11 göteriminiň çal reňklidigi mälim edildi. Bu reňk Hindistanda has köp gabat gelýär. Ýurtdaky awtoulaglaryň 30 göteriminiň reňki çal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň