Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeýiň russiýaly ýyldyzy Sergeý Nemçinow Türkmenistana geldi

13:4830.08.2019
0
3691

Hokkeýiň russiýaly dünýä meşhur ýyldyzlarynyň biri Sergeý Nemçinow Aşgabat şäherine geldi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. 10 günlük saparyň dowamynda daşary ýurtly hünärmen Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň tälimçileridir türgenleri bilen duşuşar. Duşuşykda ol oýnuň birnäçe bölümleri, hususan-da goragy berk saklamak bilen bagly maslahatlaryny berer. Meşhur tälimçiniň okuw sapagy «Galkan» sport merkeziniň buzly meýdançasynda geçiriler.

Gazetde berlen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň wekili Jora Hudaýberdiýewiň aýdyşy ýaly, tälimçiniň hut özi Türkmenistana gelmäge we türkmen hokkeýçileri bilen işleşmäge döwtalap boldy. Galyberse-de, Halkara hokkeý federasiýasynyň geçen ýyl Daniýanyň Kopengagen şäherinde geçirilen maslahatynda hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda özara ylalaşyga gol çekildi. Şol resminama laýyklykda, russiýaly meşhur we tejribeli tälimçiler Türkmenistanda hokkeýi mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam berer. Mälim bolşy ýaly, hokkeý bilen meşgullanylyp başlananyna ýaňy bir 10 çemesi wagt geçen hem bolsa, türkmen hokkeýçileri gazanýan halkara üstünlikleri hem-de çalt kämilleşişi bilen Dünýä çempionatynyň üçünji dziwionyna çenli çykmagy başardylar. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy russiýaly hünärmenleriň tejribesinden peýdalanyp, çempionatyň ikinji dwizionyna çykmaga synanyşar. Bu wezipe babatda Sergeý Nemçinow türkmenistanly hokkeýçilere elinden gelen ýardamy bermäge taýýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň