Soňky habarlar

Arhiw

Pomidor festiwaly geçirildi

12:3530.08.2019
0
756

Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde “La Tomatina” pomidor festiwaly geçirildi. Dabaraly ýagdaýda geçirilen baýramçylyga dünýäniň beýleki ýurtlaryndan hem myhmanlar bardy. Bu üýtgeşik şüweleň 1945-nji ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynyň soňky çarşenbesinde geçirilýär. Festiwalyň çäklerinde bellenen ýere ýygnanan mähelle bir-birlerine pomidor zyňyşýarlar. Festiwalyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň üstüne suw pürkülýär. Şüweleňe gatnaşmak üçin her ýylda 20 müňden gowrak adam bu şähere barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň