AFK-nyň kubogy ― 2019: KHDR-nyň topary «Hanoýyň» Interzolagyň finalyndaky garşydaşy bolar,

23:5829.08.2019
0
2877

KHDR-nyň «25-nji aprel» futbol kluby AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň finlaynda Wýetnamyň «Hanoýynyň» garşydaşy boldy. Koreýaly futbolçylar iki duşuşygyň netijesi boýunça Bangladeşiň «Abahani Limited» toparyndan 5:4 hasabynda üstün çykdylar.

AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň final duşuşyklary Wýetnamda we KHDR-da geçiriler. Ilkinji duşuşyk 25-nji sentýabrda, jogap oýny 2-nji oktýabrda bolar. Bu duşuşyklaryň ýeňijisi 2-nji noýabrda arzyly kubok üçin «Al-Jazira» (Iordaniýa) ― «Al-Ahed» (Liwan) duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Geçen ýyl hem Interzolagyň finalyna çykmagy başaran «25-nji aprel» Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» bilen duşuşypdy. KHDR-de 2:2, Aşgabatda 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşyklaryň netijesinde «Altyn asyr» taryhda ilkinji gezek yklym ýaryşynyň finalyna çykmagy başaran türkmen topary bolupdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň