Soňky habarlar

Arhiw

«Liwerpulyň» goragçysy Wirjil wan Deýk UEFA-da geçen möwsümiň netijeleri boýunça iň gowy futbolçy diýip yglan edildi

22:5829.08.2019
0
4116

Angliýanyň «Liwerpul» futbol klubynyň niderlandiýaly goragçysy Wirjil wan Deýk UEFA-da geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy diýip yglan edildi. Ol ses berlişikde argentinaly Lionel Messiden («Barselona») we Kriştianu Ronaldudan («Ýuwentus») üstün çykdy. Wirjil wan Deýk geçen möwsümde «Liwerpul» bilen UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Geçen möwsümiň iň gowy hüjümçisine niýetlenen baýrak Lionel Messä gowşuryldy. 32 ýaşly argentinaly futbolçy 12 gol bilen Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminiň iň netijeli futbolçysy boldy. «Barselona» ýaryşyň ýarym finalynda «Liwerpuldan» asgyn gelipdi.

Geçen möwsümde garaşylanyndan has gowy netijäni gazanan «Aýaksyň» futbolçysy Frenki de Ýong iň gowy ýarym goragçy üçin goýlan baýraga mynasyp boldy. «Liwerpulyň» we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň derwezewany Alisson bolsa «Altyn ellik» baýragyna mynasyp görüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň