Soňky habarlar

Arhiw

Bereket etrabynda her günde 100 gektara golaý ýer ekişe taýýar edilýär.

15:3929.08.2019
0
1099

Şu günler Bereket etrabynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Häzire çenli sürlen we tekizlenen ýerleriň 250 gektara golaýyna fosfor döküni sepilip, ýerler gurplandyrylypdyr. Kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň 17-siniň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegi netijesinde eýýäm geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekilmeli meýdanyň ýarysyndan gowragynda sürüm işleri geçirilipdir. Sürlen meýdanlarda ýerleri tekizleýji tehnikalaryň 8-sibökdençsiz işledilýär. Tekizlenilen ýerlere geris çekmek işi-de guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň «Däne ata», «Balkan», «Isgender», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak işleri göwnejaý ýola goýlupdyr. Bu hojalyklarda her günde 100 gektara golaý ýer ekişe taýýar edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň