Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: «AFK-nyň kubogynyň indiki ýaryşyna taýýarlyk göreris»

20:2628.08.2019
0
7567

AFK-nyň Interzolagynyň Aşgabatda geçirilen ýarym final duşuşygyndan soňra «Altyn asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Mälim bolşy ýaly, Wýetnamyň «Hanoý» topary bilen geçirilen bu duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Hanoýda geçirilen ilkinji duşuşykda garşydaşyndan 2:3 hasabynda ýeňlen «Altyn asyr» iki duşuşygyň netijesi boýunça ýaryşy Interzolagyň ýarym finalynda jemlemeli boldy.

– Ýazguly, hemmeleri bir sowalyň jogaby gyzyklandyrýar: indiki tapgyra geçmäge «Altyn asyra» näme päsgel berdi?

– Şowlulyk ýetmedi diýip bolar. Oýunçylara nägileligim ýok, olar elinden gelenini etdiler. Ýöne, hemmäniň hem görşi ýaly, maksadymyza ýetip bilmedik.

– Tutuş Türkmenistan «Altyn asyryň» ýeňiş gazanmagyna garaşdy. Alnan netijede özüňizi günäkär hasaplaýarsyňyzmy?

– Haçanda, topar ýeňilse, hemişe tälimçi günäkär bolýar. Ýöne tälimçi hem jadygöý däl. Elbetde, hemişe ýeňmek isleýärsiň, ýöne käte başartsa, käte başardanok. Şonuň üçin hem bize AFK-nyň kubogynyň indiki ýaryşyna taýýarlyk göräýmekden başga çykalga ýok.

– Duşuşygyň dowamynda siziň käbir futbolçylardan närazylygyňyz göze ildi.

― Elbetde, käbir pursatlar boldy. Ýöne meniň esasy nägileligim eminlere. Olar eýýäm ikinji oýun bäri has gowy oýnamak islegimiziň öňüne böwet bolýarlar. Käbir ownuk ýagdaýlara bolsa, oturyp-oturyp haýran galýaryn. Garşydaş toparyň futbolçylary dürli sebäpler bilen wagty egleýärler. 30 sekuntda amala aşyryp boljak oýunçy çalşygy üçin 3 minut sarp edýärler. Oýun hernäçe köp saklanan hem bolsa, emin bary-ýogy 3 minutlyk goşmaça wagt bermek bilen oňňut edýär. Hatda, ol ýaş emin hem däl. Käbir şeýle ýagdaýlar bize päsgel berdi. Ikinji oýunda hem eminleriň käbir ýalňyşlyklary bar. Esasn hem, 11 metrlik jerime urgulary, pökgini burçdan oýna girizmek ýaly pursatlarda çykarýan netijeleri degnaňa degýär. Men bilemok, belki bu ýagdaýlar Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleriniň hem nazaryna ilendir. Iki oýunda hem eminler tarapyndan oýnuň depginiň gowşadylmagyna ylalaşmak kyn.

― Siz oýundan nähili netijä garaşdyňyz?

– Oýun tamamlandy. «Hanoý», diýmek, ejiz garşydaş däl. Ýöne biziň oglanlarymyz hem elinden gelenini gaýgyrmady.

― «Hanoý» indiki tapgyra mynasyp oýun bilen çykdy diýip pikir edýärsiňizmi?

– Eger bir topar ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanan bolsa, diýmek, ol mynasypdyr. Biz geçen ýyl finala çenli baryp ýetdik. Näme, mynasyp däldikmi? Başardymy, diýmek, mynasypdyram.

– «Hanoýyň» baş tälimçisi «Altyn asyryň» käbir oýunçylarynyň garşydaşa sylagsyz çemeleşendigini aýtdy.

– Men onuň näme üçin beýle diýenine düşünemok. Ýöne biz tutuş topara hormat goýýarys. Göreş hemişe ýiti bolýar. Ol toparynyň gazanyp bilmedik ýeňşini başga ýagdaýa baglasa gowy boljak.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň