Şu gün "Türkmenistan: Sport" Fransiýanyň çempionatyndan iki duşuşygy göni ýaýlymda görkezmegi meýilleşdirýär

17:0628.08.2019
0
2287

"Türkmenistan: Sport" teleýaýlymy şu günki gepleşikleriniň tertibine Fransiýanyň futbol çempionatynyň iň ýokary derejeli ligasy bolan Ligue 1-den iki duşuşygy göni ýaýlymda görkezmegi goşdy. Bu duşuşyklaryň ikisi hem ýurduň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň çäginde geçiriler.
Sagat 21:55-de başlanjak duşuşykda "Lill" "Sent Etýeni" kabul eder. Sagat 23:55-de bolsa "Nissa" bilen "Marseliň" arasyndaky duşuşyk başlar.
Yzda galan iki duşuşykda 4 utuk toplan "Sent Etýen" bu gün 14-nji basgançakdaky "Lilli" ýeňip bilse, 7 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çenli çykar. Ýöne bu duşuşygyň netijesi belli bir wagtda "Nissa" - "Marsel" duşuşygyna hem bagly bolar. Çünki ýarygije başlanjak duşuşygyň ýer eýesinde iki tapgyrdan soň 6 utuk bar. Eger "Nisa" iki tapgyrda bary-ýogy 1 utuk toplan bilen "Marselden" hem üstün çyksa, "Ren" bilen ýaryşyň kerwenbaşylygyny paýlaşar.
Mahlasy, şu gün futbol janköýerlerine "Türkmenistan: Sportda" gyzykly duşuşyklar garaşýar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň