Soňky habarlar

Arhiw

Bereket şäherindäki ýod önümçilik kärhanasynda 101 göterim girdeýji gazanyldy

10:3128.08.2019
0
3207

Balkan welaýatynyň çäklerinde ýod, brom suwlaryny gaýtadan işläp, ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän 
kuwwatly kärhana işleýär. Bu ýerde himiki ýoduň öndürilşi 2,13 esse artdy. 2024-nji ýylda bu önümiň daşary ýurtlara iberilýän 
möçberi 1000 tonnadan hem köp bolar. Türkmen derman birleşiginiň Bereket şäherindäki ýod önümçilik kärhanasynyň 
hünärmenleri tarapyndan ýylyň geçen hasabat döwründe önümçiligiň ösüş depgini has-da ýokarlanýar. Ýyllyk kuwwaty ýod 
taýajyklarynyň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdesiniň 500 müňüsüni öndürmeklige niýetlenip gurlan 
kärhanada geçen hasabat döwründe 100 müň manatlyga barabar önüm öndürildi. Esasy önümlerden başga-da, göwherli ýaşyl 
galamlar, lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşleri, ilkinji lukmanćylyk kömeginiň gutylary taýýarlanylýar. Geçen 7 aýda 
kärhanada 2 mln 411 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, girdeýjiň sany 101 göterim gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň