Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Szilin welaýatynda iş saparynda boldy

02:2728.08.2019
0
3994

22-25-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça 12-nji EKSPO bilen bagly çärelere, şeýle hem EKSPO-nyň çäklerinde geçirilýän «Ahalteke bedewleri we Ýüpek ýoly» sergisine, türkmen-hytaý dostluk sergisine we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň At medeniýeti festiwilyna gatnaşmak maksady bilen Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde iş saparynda boldy.

Çançun şäherine saparynyň barşynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň Szilin welaýatynyň gubernatory Szin Szunhaý bilen söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň we Szilin welaýatynyň arasynda ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

23-nji awgustda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça 12-nji EKSPO-nyň hem-de Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň söwda-senagat hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Forumyň dabaraly açylyşyna gatnaşdy.

Açylyş dabaralaryna HHR-yň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Hu Çunhua, beýleki resmi adamlar, Koreýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ýaponiýanyň, Mongoliýanyň, DKDR-nyň, Moldowanyň we beýleki ýurtlaryň wekilçilikli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti we Szilin welaýatynyň hökümetiniň resmi adamlary EKSPO-nyň çäklerinde guralan «Ahalteke bedewleri we Ýüpek ýoly» surat sergisine gatnaşdylar. Sergi Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky mizemez dostluga bagyşlanandyr. Sergide «behişdi bedewlere» bagyşlanan hytaýly hem-de daşary ýurtly tanymal suratkeşleriň 60-dan gowrak eserleri görkezildi.

24-nji awgustda Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň At medeniýeti festiwilynyň açylyş dabarasy boldy, ol Forumyň hem-de 12-nji EKSPO-nyň çäklerinde guralan möhüm ynsanperwerlik wakasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň hem-de welaýatyň hökümetiniň başlangyjy boýunça geçirildi.

Festiwalyň açylyş dabarasyndan soňra «Galkynyş» atly-sport toparynyň gatnaşmagynda sirk çykyşy boldy, ol daşary ýurtly myhmanlar we ýerli tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

EKSPO-nyň çäklerinde geçirilen medeni çäre Hytaýyň dürli merkezi hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň