«Altyn asyr» «Hanoý» bilen geçiren iki duşuşygynyň netijesinde AFK-nyň kubogy bilen hoşlaşdy

23:5427.08.2019
0
8995

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň ýarym finalynyň iki duşuşygynyň jemi boýunça Wýetnamyň «Hanoýyndan» 4:5 hasabynda asgyn gelip, yklym ýaryşyndaky duşuşyklaryny tamamlady. Wýetnamdaky ilkinji duşuşyk 3:2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanypdy. «Köpetdag» stadionynda 10 755 janköýeriň gatnaşmagynda geçirilen jogap duşuşygy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.  Jogap duşuşygynda myhman toparyň pökgüleriniň ikisini hem duşuşygyň iň gowy futbolçysy saýlanan Nguýen Wan Kuýet (15-nji we 51-nji minutlarda), «Altyn asyryň» gollaryny bolsa 45+1-nji we 82-nji minutlarda Serdar Geldiýew geçirdi.

«Hanoý» bilen geçirilen jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda «Altyn asyryň» öňünde uly jogapkärçilik bardy: topar garşydaşlaryny azyndan bir pökgi tapawudy bilen ýeňmeli we öz derwezesini berk goramaly. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri turuwbaşdan hüjüm futbolyny ele almaga synanyşdylar. Ilkinji synanyşyklar ýerlikli hem boldy. Esasan hüjüme üns berilmegi goragda käbir ýalňyşlyklaryň goýberilmegine getirdi. Şeýle ýalňyşlyklaryň birini 15-nji minutda goragçy Bagtyýar Gürgenow goýberdi. Bu ýagdaýdan peýdalanan garşydaşyň kapitany pökgini derwezäniň uzak burçundan geçirip, hasaby açdy.

Şondan soň «Altyn asyryň» hüjümleri has ýitileşdi. Hatda 38-nji minutda Myrat Ýagşyýewe has amatly mümkinçilik döredi, ýöne ol dürs peýdalanyp bilmedi.

Her niçik hem bolsa türkmen futbolçylary arakesmä çenli hasaby deňläp bildiler. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 1-nji minurdynda Nguýen Wan Dung jerime meýdançasynda Resul Hojaýewiň elinden çekip saklady.  Munuň üçin siriýaly emin Masud Tufaýliýeh garşydaşyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Jerimäni Serdar Geldiýew dürs ýerine ýetirdi.

Ikinji ýarymyň başynda goýberilen ýene bir ýalňyşlyk «Altyn asyryň» derwezesine ikinji pökginiň girizilmegine sebäp boldy. 51-nji minutda garşydaş toparyň kapitany bilen howa duýeline çykan Mekan Saparow garşydaşdan asgyn geldi. Kapitan bolsa bu pursatdan dürs peýdalanyp, hasaby 1:2-ä ýetirdi.

82-nji minutda «Hanoýyň» futbolçylary meýdana ätiýaçlykdan giren Mihail Titowy ýykdylar. Olaryň derwezesine ýene-de 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Serdar Geldiýew bu urgyny hem dürs ýerine ýetirdi.

Bu pökgi duşuşykda geçirilen soňky gol boldy. Şeýlelikde, «Altyn asyryň» bassyr ikinji ýyl ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetmek arzuwy orta ýolda kesildi. «Hanoý» bolsa Interzolagyň finalynda Bangladeşiň «Abahani Limited» hem-de KHDR-nyň «25-nji aprel» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Interzolagyň finaly 25-nji sentýabrda we 2-nji oktýabrda geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi bolsa 2-nji noýabrdaky finalda belli bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň