Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleri özara gepleşikleri geçirdiler

14:3427.08.2019
1
5736

Singapuryň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Halima Ýakobyň baştutanlygyndaky wekiliýetleriň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-singapur gepleşikleri geçirildi. Dostlukly döwletiň Baştutany singapur tarapynyň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, şu gezekki duşuşygyň geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna gelmäge çakylygy, mähirli garşylanandygy hem-de bilelikde netijeli işlemek üçin şertleriň döredilendigi üçin Prezident Halima Ýakoba minnetdarlyk bildirip, ilkinji döwlet saparynyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, birek-biregiň tejribesini öwrenmek, bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk we beýleki meseleler Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Singapur Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtap we döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Halima Ýakoby özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Özara ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki ýagdaýlary hem-de bar bolan uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak üçin mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň