Koreýanyň futbol ýygyndysy Aşgabada duşuşykdan bir gün öň geler

13:3627.08.2019
0
9400

Koreýa Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty - 2022-niň saýlama tapgyrynyp duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada duşuşyga bir gün galanda geler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Günorta Koreýaly futbolçylar "Turkish Airlines" kompaniýasynyň TK322 howa gatnawy arkaly 9-njy sentýabrda Stambuldan Aşgabada gelerler. Myhman toparyň ondan öň 5-nji sentýabrda Stambulda Gruziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini hem ýatladýarys.

Dünýä çempionaty - 2022-ä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hem Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk bolsa 10-njy sentýabrda Aşgabadyň "Köpetdag" stadionynda geçiriler. Duşuşygyň sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň