Türkmenistanyň Prezidenti singapurly işewürler bilen duşuşdy

10:4627.08.2019
0
4713

«Shangri-La» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy.Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen işewür duşuşyga birnäçe ministrlikleriň, iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň, ýagny «Pacıfic International Lines Pte.Ltd.» kompaniýasynyň, «The Development Bank of Singapore» (Singapuryň ösüş bankynyň), «Indorama Corpоration» korporasiýasynyň, «DP Architects», «Fortrec Chemicals and Petroleum Pte.Ltd.» kompaniýalarynyň, «The Assocation of Banks in Singapore» (Singapurdaky banklaryň bileleşiginiň), «PSA International», «Surbana Jurong» kompaniýalarynyň hem-de Telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň ählisiniň adyndan, saparyň iş tertibinde çäreleriň örän köpdügine garamazdan, duşuşmaga wagt tapandygy üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, bu ýere ýygnanan kompaniýalaryň wekilleri üçin türkmen Liderini Singapurda mübäreklemek uly hormatdyr. Şunda şu günki duşuşygyň iki ýurduň ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary mübärekläp, türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýän singapur kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy söwda we ykdysady, maýa goýumlar, uglewodorod serişdeleri, ulag we logistika, oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine aldy. Şeýle hem milletiň Lideri singapur kompaniýalaryny türkmen paýtagtynda täze ägirt uly taslamany — «Smart City» («Akylly şäher») taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçysyna hökümet, döwlet düzümleri hem-de hususy işewürlik, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy.

Işjeň hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynda we nebithimiýa senagatynda, şeýle hem ulag we logistika, maliýe, deňiz portlaryny dolandyrmak, şähergurluşyk ulgamlarynda hem-de beýleki möhüm ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.

Singapuryň kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek, onuň uzak möhletli we yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça tekliplerini hödürlediler. Şolaryň hatarynda ýokary tehnologiýaly, ylym bilen baglanyşykly önümleri öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan kompaniýalar we korporasiýalar bar.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine özara ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň