Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň goly «Lokomotiwiň» ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik bolmady

23:2326.08.2019
0
4736

Özbegistanyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Bunýodkor» bilen «Lokomotiwiň» arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Hasaby ilki bolup 23-nji minutda «Lokomotiwiň» türkmenistanly ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow açdy. Ýöne 73-nji minutda garşydaş toparyň ýarym goragçysy Sanjar Tursunow 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, hasaby deňledi. Duşuşyk şu deňlik bilen hem tamamlandy.

35 utukly «Lokomotiw» häzir ikinji orny eýeleýär. «Bunýodkor» bolsa 31 utuk bilen ýaryşyň üçünji basgançagynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň