Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura döwlet sapary başlandy

20:1226.08.2019
0
6424

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Singapuryň «Çangi» Halkara howa menziline geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni kaşaň «Shangri-La» myhmanhanasyna ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanynyň iki günlük saparynyň dowamynda bolmaly kabulhanasy ýerleşýär.

Ertir — 27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakobyň, şeýle hem premýer-ministr Li Sýan Lunyň arasynda gepleşikler geçiriler. Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň