Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: «Maksadymyz ― janköýerleri begendirmek»

19:2726.08.2019
0
10868

Ertir «Köpetdag» stadionynda geçiriljek «Altyn asyr» ― «Hanoý» duşuşygynyň öňüsyrasynda şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda ýurdumyzyň çempionynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

– «Altyn asyr» bu jogapkärli duşuşyga nähili taýýarlyk gördi? Toparda şikesli futbolçylar barmy?

– Gowy taýýarlandyk. Birinji duşuşykda-da, siziň hem bilşiňiz ýaly, 2:3 hasabynda ýeňildik. Tälimçilerimiz ştabymyz bilen bilelikde ýalňyşlyklarymyzdan sapak çykardyk. Şikesli futbolçymyz ýok, olaryň ählisi duşuşyga taýýar.

– Hanoýdaky duşuşykdan ozal güýçli çagba ýagypdy. Howa ýagdaýy oýna nähili täsir etdi?

– Howanyň täsiri biziň oýnumyz üçin diýseň uly boldy.

– Siz ertirki duşuşyk we garşydaşyň güýji barada nähili pikirde?

– Bir zat diýmek kyn. Her oýun ― täze. Haýsy toparyň güýçli, haýsynyň asgyndygyny häzir aýtmak kyn. Biz ony iki duşuşygyň netijesi boýunça göreris.

– «Hanoý» Wýetnamyň paýtagtyndaky ilkinji duşuşykdan soň sizde nähili täsir galdyrdy?

– Topar pökgä başarjaňlyk bilen erk edýär. Bize bolsa Wýetnamdaky howa ýagdaýy beýtmäge mümkinçilik bermedi. Bize çygly howada oýnamak juda kyn düşdi. Hatda dem almak hem kyn boldy. Şonuň üçin köp ýalňyşlyklary goýberdik.

– Birinji duşuşyga seredeniňde Aşgabatdaky howa futbol üçin amatly. Ertir «Altyn asyr» janköýerlerini begendirjek netijäni gazanyp bilermi?

– Elbetde. Ýeňiş gazanarys diýip umyt edýäris.

– Jogap duşuşygynda düzümde we oýun usulynda käbir üýtgeşmeleri we düzetmeleri meýilleşdirýärsiňizmi?

– Elbetde, biz düzümde käbir üýtgetmeleri girizip bileris.

– «Hanoýyň» baş tälimçisi myhmançylykda oýnajakdyklaryna garamazdan, hüjüm futbolyndan ýüz döndürmejekdiklerini aýtdy. Siz nähili oýny meýilleşdirýärsiňiz?

– Bize ilkinji nobatda goraga dykylman, hüjümde hereket etmek we garşydaşy, mümkin boldugyndan gysmak gerek. Şonuň üçin biz hem hüjüm futbolyny orta goýarys.

– Afrikaly futbolçylar üçin AFK bilen ylalaşyp bildiňizmi?

– Resminamalar düzedilýär. Garaşýarys, netijesini göreris.

– Geljekde olary «Altyn asyryň» düzüminde görüp bilerismi?

– Ýakynda şeýle bolar diýip umyt edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň